güýç

güýç
1) Janly zatlaryň muskullar arkaly fiziki hereketi, täsir etmegi, şonuň ýaly hem, umuman fiziki ýa-da moral taýdan aktiw hereket etmeklige bolan başarjaňlyk, gurp, ukyp.
∙ Pursat tapan mahaly, it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
∙ Güýji ýetmez göre galar. (Nakyl)
2) Fiz. Hereketi emele getiriji, dörediji kuwwat, energiýa.
∙ Merkezden daşlaşýan güýç.
3) Bir zat öndürmeklige ýardam berip biljek ähli enjamlar, gurallar, abzallar.
∙ Ahli güýji şu synaga hötde gelmege mobilizlemek gerek. («Sowet Türkmenistan» gazeti)
4) Zarba, bat.
5) Göçme manyda Aň-düşünje, başarjaňlyk.
∙ Akyl güýç berer, güýç hem ýürek. (Nakyl)
Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, dymyk ç çekimsizi açyk j çekimsizine öwrülýär.
Meselem güýç - güýjüm, güýjüň.
gara güýçHowply güýç, elhenç zat.
güýç goşmakGüýji artdyrmak, gurplandyrmak.
∙ Ýene bu sözleri ngaýtalap ençe, önküden-de artyk güýç goşup güýje. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
güýçden salmakGüýjüni gaçyrmak, gujurdan düşürmek.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Полезное


Смотреть что такое "güýç" в других словарях:

  • Anthem of the Turkmen Soviet Socialist Republic — The State Anthem of the Turkmen SSR was the national anthem of Turkmenistan when it was a republic of the Soviet Union and known as the Turkmen SSR.BackgroundThe anthem was used from 1946 to 1997. The music was composed by Veli Mukhatov, who also …   Wikipedia

  • Hymne de la République socialiste soviétique du Turkménistan — L hymne de la République socialiste soviétique turkmène était l hymne national du Turkménistan lorsqu il était une république de l Union soviétique. Sommaire 1 Historique 2 Paroles de l hymne en cyrillique 3 Translittération …   Wikipédia en Français

  • Гимн Туркменской ССР — Флаг Туркменской ССР Автор слов Аман Кекилов Композитор Вели Мухатов Страна …   Википедия

  • Saint Conval — fait partie des saints bretons légendaires non reconnus officiellement par l église catholique romaine. Il aurait vécu à Penvénan et à Plougrescant[1]. La légende de saint Conval Saint Conval s établit d abord dans le bois du Gars, entre Hanvec… …   Wikipédia en Français


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»